Biz barada
Bu waka Belgiýada bolup geçdi. Lukman bolmagy arzuw eden we Brýusseldäki “Université Libre de Bruxelles (ULB)” okuwa giren ýaş ýigit, okuwyny tamamlandan soň, Afrikanyň täsin ýurtlarynyň birine tejribe geçmäge iberilýär. Tejribe geçip bolandan soň, öz geljegini barada çözgüdini kabul etmeli wagty gelýär. Pikir edýän günleriniň birinde, biziň gahrymanynyň ykbalyny üýtgeden Saglygy goraýyş ministrliginden jaň gelýär. Ýurtda lukmançylyk enjamlary ýetmeýärdi we oňa olary üpjün etmegi gurnamak teklip edildi. Işleri buýrujynyň kanagatlanmagy bilen ýerine ýetirildi we mundan soňky ykbaly hem şeýle kesgitlendi. Wagtyň geçmegi bilen biznesiň geografiýasy giňeldi we gysga wagtyň içinde SSSR-i we soňra Merkezi Aziýa we Afrika ýurtlaryny öz içine aldy.
Türkmenistanda ähli zat dostlukdan başlandy, bu günki günde ol 1998-nji ýyldan bäri biznesiň esaslaryny guran uzak we üstünlikli gatnaşyklara öwrüldi. Kompaniýalar Türkmenistanda dürli we köplenç çylşyrymly taslamalary amala aşyrdylar we hemişe üýtgewsiz, köp ýyllyk we ygtybarly hyzmatdaşy bolan "Dräger" - Germaniýa kompaniýasy bilen işleşdiler.